Тесты по информатики на тему Елементы логики (10 класс язык туркменский)
Предмет: | Информатика |
---|---|
Категория материала: | Тесты |
Автор: |
Ниязметов Султанмурат Ниязметович
|
Power pointde test düzmek. (okuwçylaryň bilimlerini barlamak we öwredijilik häsiýetli test)
1. Logikanyň esaslary.Pikir ýöretmäniň görnüşleri
1. Pikir ýöretmäniň görnüşlerini öwrenmek ylymy ilkinji nirede ýüze çykypdyr?
b) Pikir ýöretmäniň görnüşlerini öwrenmek ylymy ilkinji gadymy gündogarda
(Hytaýda, Hindistanda) ýüze çykypdyr
2. Formal logikanyň esasyny goýan kim?
ç) Aristotel formal logikanyň esasyny goýýar
3. Pikir ýöretmäniň formasy we usuly baradaky ylym näme diýip atlandyrylýar?
ç) Logika
4. Pikir ýöretme mydama nähili görnüşde amala aşyrylýar?
a) Pikir ýöretme mydama haýsy bolsa-da bir görnüşde amala aşyrylýar.
5. Pikir ýöretmäniň esasy formasy näme?
b) Pikir ýöretmäniň esasy formasy düşünje, pikir aýtma, netije çykarma bolup durýar.
6) Düşünje Obýektiň esasy, wajyp nyşanlaryny özünde jemleýän pikir ýöretme
formasyna näme diýilýar?
ç) Düşünje
7) Düşünjäniň näçe ugry bar?
b) Düşünjäniň iki ugry bardyr: mazmun we möçber.
8) Pikir ýöretmäniň formasy bolup, onda hakyky bar bolan predmetleriň häsiýetleri we olaryň özara gatnaşyklary tassyklanýan ýa-da inkär edilýän bolsa näme diýilýär?.
a) Pikir aýtma
9) Pikir aýtma haçan ýalan bolar?
a) Pikir aýtma hakykata laýyk gelmedik ýagdaýynda ýalan bolar
10) Nähili pikir aýtmalar bolup biler?
ç) Ýönekeý we düzme pikir aýtmalar bolup biler
11 Pikir aýtmanyň görnüşi bolup, onuň kömegi bilen bir ýa-da birnäçe pikir aýtmadan täze pikir aýtma (netije) alynan bolsa , onda oňa näme diýilýär?.
b) Netije çykarma
12) Eger netije çykarma formal logikanyň düzgünlerine laýyklykda geçirilse onda ol nähili bolar?
a) Çyn bolar
Тип материала: | Презентация Power Point (ppsx) |
---|---|
Размер: | 1.72 Mb |
Количество скачиваний: | 4 |