Конспект по информатике на тему Maglumatlar bazasy barada düşünje (11-synp)

Предмет: Информатика
Категория материала: Конспекты
Автор:

Maglumatlar bazasyny dolandyryş sistemasy (MBDS)

Şeylelikde, MB - maglumat ammary bolup, doredilen MB-ni dowrebap dolandyrmak arkaly, Maglumat bazalaryny dolandyryş sistemasy (MBDS) diylip atlandyrylyan MB bilen işlemek ucin yorite programma upjuncilikleri bardyr. MBDS - bu programma upjunciligidir, mundan peydalanyjylar MB-ni doredip we oňa elyeterli bolup bilyarler. MBDS-niň programmalayyn duzumi yadrodan we hyzmat programma serişdelerinden ybaratdyr. Yadro - MB--niň doredilmegi hem-de alnyp barylmagy ucin zerur we

yeterlik bolan programma modullaryny saklayar. programmalary goşmaca mumkincilikleri we goldawlary ulanyjylaryň ygtyyaryna beryar. Maglumatlary kompyuterde işlap tayyarlamak merkezleşdirilen we paylaşdyrylan usullara bolunyar. Merkezleşdirilen usulda işlap tayyarlamak - MB hasaplayyşsistemasynyň, şol bir kompyuterinde yerleşdirilyar. Paylaşdyrylan usulda MB hasaplayyş sistemasynyň islendik kompyuterinde saklanyp bilner, ol ahli kompyuterlere elyeterlidir.

Kompyuter torunda merkezleşdirilen MB faylserwer, muşderi-serwer gornuşlerde guralyp ulanyjylara elyeterli edilyar. Toruň fayl-serwer gornuşinde bir kompyuter fayllaryň merkezi serweri bolup hyzmat edyar. Tordaky ahli galan kompyuterler iş stansiyalarynyň funksiyalaryny yerine yetiryarler. Kompyuter torunyň Muşderiserwer gornuşinde merkezi kompyuterde merkezleşdirilen

MB saklanyp, onda maglumatlary işlap tayyarlamak işleriniň esasy mocberi yerine yetirilyar. Muşderiler SQL (Structured Query Language - Yuz tutmalaryň Strukturalaşdyrylan Dili) talapnamasy boyunca maglumatlary ondan alyp bilyarler. MBDS-leri uniwersallyk derejesi boyunca: umumy maksatlara we yorite maksatlara niyetlenen toparlara bolyarler. Kompyuteriň programma upjunciliginde kopsanly MBDS- ler bardyr. Olaryň sanawynda dowrebap, umumy maksatlara

niyetlenen MBDS-leriň biri, hazirki wagtda kompyuterlerde we kompyuter torlarynda giňden ulanylyan, MS Access programmasydyr. Ol MS Offise programmalaryň toplumyna giryar hem-de meşhur MS Word, MS Excel yaly programmalar bilen bilelikde işlap bilyar. Bu programma

ozuniň elyeterliligi bilen şeyle-de işlemek ucin yeňilligi bilen tapawutlanyar. Şeyle hem MS Access-iň obyektlerinde Active X tehnologiyany ulanmak bilen Visual Basic algoritmik dilini hem peydalanyp bolyar. «Access» iňlis sozi yetmek - acar manysyny beryar we «Akses» diylip okalyar.

Hazirki wagtda MBDS-niň MySQL, Oracle, DB2, FoxPro, InterBase yaly we başga-da mumkincilikleri has giň bolan gornuşleri işlenilip tayyarlanyldy.

Тип материала: Документ Microsoft Word (doc)
Размер: 1.39 Mb
Количество скачиваний: 352
Просмотров: 612

Похожие материалы